Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hindistandaky ýewreý taýpasy Ysraýyla göçüp bardy


Onlarça ýewreý, özleriniň ýiten ýewreý taýpasyndandygyny aýdyp, Hindistandan Ysraýyla göçüp bardy.

Ýekşenbe güni Hindistandaky ýewreý birleşiginiň 50 sany agzasy, Ysraýyly öňden bäri öý edinen maşgala agzalaryna goşuldy.

“Bneý Menaşe” birleşiginiň 7 müň 200 agzasy demigazyk-gündogar Hindistanyň Mizoram we Manipur welaýatlaryndan ýewreý döwletine göçüp barmak ugrunda göreşýärdi.

Birleşmäniň 1 müň 700 agzasy eýýäm Ysraýyla gidipdi.

“Bneý Menaşe” birleşiginiň agzalarynyň aýtmaklaryna görä, olar biziň eýýamymyzdan öň 721 ýylda Assiriýalylaryň ýurda girmeginden soň, Ysraýyl şalygyndan aýrylan 10 taýpanyň neslinden.
XS
SM
MD
LG