Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen topragynyň arryklamagyna halkara derejesinde üns berildi


Ýemşen agajy, Çüli jülgesi, Türkmenistan
Ýemşen agajy, Çüli jülgesi, Türkmenistan

Topragyň şorlamagy we çölleşmegi, şeýle-de biologik dürlüligiň kemelmegi Türkmenistana ekologiýa ugrundan uly howp salýar. Şeýle netijeler BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň ýakyn günlerde çap eden synynda öňe sürüldi.

Komissiýanyň 21-nji dekabrda çap eden maglumatynda Türkmenistanyň ekologiýa boýunça 2000-nji ýyldan bäri alyp barýan işleriniň netijeliligine syn edildi we rekomendasiýalar berildi.

BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň Türkmenistan boýunça synynda ýurt üçin wajyp hasaplanýan 13 meselä garalýar.

Guramanyň resmi maglumatyna görä, olar tebigaty goramak boýunça syýasatyň işlenip düzülmegine, durmuşa geçirilmegine we maliýeleşdirilmegine degişli, şeýle-de howanyň üýtgemegi, suw we ýer resurslarynyň ulanylmagy, howanyň hili, energetika we tokaý hojalygy bilen bagly.

Hasabatda bellenişine görä, ekologik problemalaryň çözgüdine gönükdirilen zerur çäreleriň amala aşyrylmagyna garamazdan, suwarymly meýdanlaryň şorlamagy, çölleşmegi we biologik dürlüligiň azalmagy Türkmenistan üçin iň ýiti meseleler bolup durýar.

Sebäpler

Hasabata görä, Türkmenistanda suw resurslarynyň dolandyrylmagy esasy problemalaryň biri bolup durýar. Ýurtda suwuň 90%-dan gowragy suwaryş üçin ulanylýar, bu suwuň düzümi mineral maddalaryň derejesi boýunça kada laýyk gelmeýär.

Meselem, hlorid we sulfat maddalarynyň derejesi kadadan ýokary bolmagy oba hojalyk meýdanlarynyň şorlamagyna getirýär, diýip hasabatda bellenýär we Türkmenistanyň oba hojalyk meýdanlarynyň 60%-niň şor basyp zaýalanandygy habar berilýär.

Şeýle-de bellenşine görä, suwaryş üçin köne usullaryň ulanylmagy netijesinde gaty köp suw sarp edilýär, bu bolsa topragyň batgalyga öwrülmegine getirýär. Netijede soňky onýyllygyň dowamynda ýurtda topragyň batgalyga öwrülmegi we şorlanmagy netijesinde hasylyň derejesi 25% pese düşüpdir.

Topragyň arryklamagy we çakdanaşa köp ulanylmagy Türkmenistanyň gymmatly ekosistemasy we biologik dürlüligi üçin esasy howplaryň biri bolup durýar, diýip hasabatda aýdylşyna görä, soňky wagtda ýurtda tebigy tokaýlyklaryň, meselem sazak, pisse we gyrymsy ýaly agaçlaryň sany örän azalypdyr.

Teklipler

BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň synynda Türkmenistanda tebigaty goramak boýunça edilen işlere hem üns berilýär. 2000-nji ýyllaryň başynda ekologik strategiýalary we programmalary işläp başlan Türkmenistanyň hususan-da howany goramak, “gök guşaklary” köpeltmek ýaly maksatlary öz öňünde goýandygy maglumatda bellenýär.

BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komisisýasy Türkmenistana jemi 67 sany rekomendasiýa berýär. Tükmenistana töwerek-daşy dolandyrmak işini kämilleşdirmek, durnukly ösüş maksatnamalaryny ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmagy gowulandyrmak, köpçülige giňişleýin maglumat berip durmak we halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy gowulandyrmak ýaly teklipler edilýär.

BMG-niň Ykdysady komissiýasynyň resmi maglumatyna görä, bu teklipler komissiýanyň ekologiýa syýasaty boýunça komiteti tarapyndan tassyklanypdyr.

Ylalaşyklar we planlar

Habar berlişine görä, häzirki wagtda Türkmenistan tebigaty goramak boýunça 11 sany halkara ylalaşygyna goşuldy. 2012-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň serhetdäki suwdan we köllerden peýdalanmak boýunça halkara konwensiýasyna goşulypdyr.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurtda tokaýlar boýunça milli programmanyň we howanyň üýtgemeginiň täsirini gowşatmak boýunça milli planyň üstünde işlenýär. Şeýle-de Türkmenistan 2013-nji ýylda tebygaty goramak boýunça we Garagum çölüniň biologik dürlüligini özleşdirmek boýunça ylmy işlerini güýçlendirmekçi.

XS
SM
MD
LG