Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ýarag söwdasy barada täze konferensiýa çagyrýar


BMG-niň Baş Assambleýasy dünýä boýunça köp milliardly ýarag söwdasyny düzgünleşdirmek üçin konferensiýa gurnamaly diýip ses berişlik geçirdi.

Duşenbe güni Baş Assambleýada geçirilen ses berilişikde, gürrüňi gidýän taslamany 133 agza goldady, hiç kim garşy çykmady, şeýle-de 17 agza ses bermekden saklandy. Netijede bu taslama makullandy.

Konferensiýany mart aýynyň 18-28 aralygynda, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirmek planlaşdyrylýar.

Ýarag söwdasyny düzgünleşdirmek baradaky gepleşikler soňky sapar Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň we Hytaýyň köpräk wagt talap etmekleri sebäpli ýatyrylypdy.

Ylalaşykda ýurtlaryň ýarag söwdasy babatynda, olaryň içki syýasatyna gözegçilik etmezlik teklip edildi.
XS
SM
MD
LG