Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Sud oppozision neşiriň ýapylmagynyň tarapdary


Almaty şäheriniň sudy prokuratura tarapyndan ýapylmagy talap edilen oppozision “Respublika” gazetiniň we onuň web sahypasynyň ýapylmagyny goldap höküm çykardy.

Bu höküm sişenbe güni irden çykaryldy. Bu barada “Respublika” gazetiniň baş redaktory Tatýana Trubaçýowa habar berýär. Ol berilýän 15 günlük möhletiň içinde hökümi şikaýat etjekdigini hem aýdýar.

Suduň çykaran hökümi esasynda “Alga” partiýasy, “Halyk Maýdany” birleşigi, sekiz gazet we 23 sany täzelik hödürleýän web sahypalar “ekstremistik” diýlip ykrar edilipdi.

Prokurorlar “Respublika” we “Wzglýad” gazetleriniň çap edilmeginiň togtadylmagyny we olatyň web sahypalarynyň işiniň ýatyrylmagyny we “K+” we “Stan-TV” telekanallarynyň işiniň ýatyrylmagyny gazanmaga synanyşýarlar.
XS
SM
MD
LG