Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Nawalna garşy üçünji jenaýat işi gozgaldy


Orsýetiň resmileri Alekseý Nawalna garşy üçünji jenaýat işini gozgadylar. Ol Wladimir Putiniň güýçli tankytçysy hasaplanýar.

Duşenbe güni derňewçiler Nawalnynyň 2007-nji ýylda üç milliondan gowrak amerikan dollaryny öz hasabyna geçirendigini aýtdylar. Olar ony käbir kompaniýalary ulanmak arkaly, özüniň öňki syýasy partiýasynyň pullaryny öz hasabyna geçirmekde aýypladylar.

Nawalny aýyplamalary “töhmet” diýip atlandyrdy. Partiýanyň öňki jogapkär agzasy-da aýyplamalary ret etdi.

Nawalny meşhur bloger we korrupsiýa garşy göreşýän aktiwist. 36 ýaşly hukukçy soňky ýyllarda Putine garşy birnäçe köpçülikleýin protestleri hem gurnapdy. Ol pul ogurlamakda we galp hasaplara gol goýmakda-da aýyplanyp derňewe çekildi.
XS
SM
MD
LG