Sepleriň elýeterliligi

Sapar: Türkmen raýatlygyny alyp bilemok


Türkmen pasportlary

Türkmen pasportlary

Sowet Soýuzynyň dargap, post sowet giňişligindäki ýurtlaryň garaşsyzlygyny gazanyndan bäri ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, şol wakalaryň täsirlerine henizem duş gelmek bolýar.

Orsýetde ýaşaýan we häzirki döwürde Orsýetiň raýaty bolan Sapar aga, muňa gowy mysal bolup biler. Türkmenistanda doglan Sapar aga, Sowet Soýuzy darganda Orsýetdäki işini ýitirmejek bolup yzyna - Türkmenistana dolanmaýar. Netijede ol Türkmenistanyň raýatlygyndan mahrum galýar.

Dogan-garyndaşlarynyň Türkmenistanda ýaşaýandygyna garamazdan ol Türkmenistanyň raýatlygyny alyp bilmeýändigini, bu baradaky arzalaryna hem jogabyň berilmeýändigini aýdýar.

Sapar aganyň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňleriniň diňlemek üçin, aşaky düwmä basyň!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG