Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Amerikalyny öldüren aýal Eýrandan


Owganystanyň polisiýa işgärleri, ýurduň howpsuzlyk gullugynyň aýal wekiliniň ABŞ-ly raýaty öldüren bazasynyň öňünde durlar.

Owganystanyň polisiýa işgärleri, ýurduň howpsuzlyk gullugynyň aýal wekiliniň ABŞ-ly raýaty öldüren bazasynyň öňünde durlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi duşenbe güni daşary ýurtly raýaty atyp öldüren owgan polisiýasynyň aýal wekiliniň aslynyň Owganystandan däl-de, eýsem Eýrandandygyny mälim etdi.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sidik Sidikiň sişenbe güni žurnalistlere beren maglumatyna görä, daşary ýurtlyny öldürmekde aýyplanyp tussag edilen aýal – seržant Nargas – Owganystanyň raýatlygyny mundan on ýyl töweregi ozal alypdyr.

Sidikiň aýtmagyna görä, bu onuň adamsy tarapyndan hödürlenen galp resminamalaryň esasynda, bikanun ýol arkaly edilipdir.

Sidiki: “Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, ol aýal Eýranyň raýaty eken. In-e, onuň pasportynyň nusgasyna hem seredip bilersiňiz. Ol owganly birine durmuşa çykyp, Owganystana degişlidigi barada ýörite şahadatnama alýar. Biziň geçiren derňewimiziň netijesinde, bu şahadatnamanyň bikanun ýollar arkaly alnandygy mälim boldy. Ol şeýdip Owganystanyň polisiýa güýçleriniň düzümine girdi.”

Sidikiniň sözlerine laýyklykda, dört çaganyň enesi, 33 ýaşly Nargas häzir hem Eýranyň raýaty bolmagynda galýar. Ol soňky iki ýylyň dowamynda Içeri işler ministrligiň gender haklary bölüminde işläpdir.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň belleýşi ýaly, Nargas tussag edilmegi bilen, özüni “deňagramsyz” alyp barypdyr. Owgan resmisi, häzirki maglumatlara esaslanyp, Nargasyň söweşijileriň toparlary bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Owgan resmileri bu iş boýunça Nargasyň adamsynyň hem tussag edilendigini, şeýle-de onuň soraga çekilendigini mälim etdiler.

Owganystanyň we NATO ýaranlygynyň resmileri, duşenbe güni ABŞ-nyň şertnamalaýyn gullukçysyna garşy amala aşyrylan hüjümiň, owgan howpsuzlyk gullugynyň aýal wekili tarapyndan amala aşyrylan ilkinji hüjümiň bolandygyny belleýärler.

Nargasyň öldüren adamy – 49 ýaşly Josef Griffin diýlip tanadyldy. Ol Owgansytanda ýurduň howpsuzlyk işgärlerine tälim berýärdi.
XS
SM
MD
LG