Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainaly öňki pornoýyldyz başpena soraýar


Ukrainaly öňki pornoaktrisa Anastasiýa Hagen öz çagalary bilen, Kounise, 18-nji dekabr, 2012.
Ukrainaly öňki pornoaktrisa Anastasiýa Hagen öz çagalary bilen, Kounise, 18-nji dekabr, 2012.

Anastasiýa Hageniň Ýewropa Bileleşiginde başpena soraýan ilkinji porno aktrisa bolmagy ähtimal. Geçen ýylda Ukrainada bu zenana garşy janaýat işi gozgalansoň ol Çehiýa Respublikasyna gaçyp çykypdy. Hagen indi Çehiýa Respublikasynda galmak ugrunda göreşýär.

Üç çaganyň ejesi Anastasiýa Hagen öz çagalary bilen oýnanda başga enelerden tapawutlanmaýar.

Ol özüniň kiçi ogluny jaýyň içinde oýunjak maşyna mündürip oýnadýar, şol bir wagtda-da on we dört ýaşly beýleki iki ogullarynyň arasynda dörän dawany çözmäge çalyşýar.

Emma Hagen ýönekeý ene däl.

27 ýaşly bu zenan öz ýurdy Ukrainada onlarça pornografiýa filmde esasy rol oýnan aktrisa hökmünde tanalýar.

Häzirki wagtda köpçülik ony Ýewropa Bileleşiginde syýasy gaçybatalga soraýan ilkinji pornoaktrisa hökmünde hem tanaýar.

Hageniň öňki familiýasy Gryşaý. Ol Çehiýa 2011-nji ýylyň fewral aýynda barypdy. Munuň öňüsyrasynda Ukrainada oňa garşy jenaýat işi gozgalypdy. Ukrain häkimiýetleri ony pornografiýany döretmekde we ýaýratmakda aýyplaýarlar.

Ukrainaly öňki pornoýyldyz başpena soraýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:38 0:00

Pornografiýa garşy kanun

2009-njy ýylda Ukrainada kabul edilen kanuna görä, Atastasiýa Hagene ýedi ýyl türme tussaglygy garaşýar. Ukrainanyň sosial üpjünçilik edaralary onuň çaga terbiýelemäge mynasyp ene däldigini aýdyp, çagalarynyň elinden alynjagyny duýdurdylar.

Hagen pornografiýa bilen bagly günleriniň geçmişde galandygyny aýdyp, özüniň Ukrainanyň syýasatçylarynyň pornografiýa garşy göz üçin alyp barýan göreşiniň pidasy bolandygyny belleýär.

Hagen öz çagalaryny başga eneler ýaly terbiýeleýändigini we olara öz geçmişi barada hiç haçan gürrüň bermejegini aýdýar.

Hagen pornografiýany ýaýratmak baradaky aýyplamalary hem ret edýär. Ol Ukrainada hiç wagtda pornofilme düşmändigini, şol filmleriň Wengriýada we Çehiýada düşürilendigini aýdýar.

Atastasiýa Hageniň sözlerine görä, Çehiýanyň häkimiýetleri onuň ýüzlenmelerinden boýun gaçyrýarlar. Üstesine onuň adamsy Çehiýanyň wizasyny alyp bilmän kösenýär. Şeýlelikde, Hagen şu ýylyň dowamynda öz çagalaryny ýekelikde terbiýelemeli bolupdyr.

Maşgala Kounise atly obada kiçijik, ýöne oňaýlykly iki otagly jaýda ýaşaýar.

Garşydaşlar we tarapdarlar

Bu ýaş zenanyň duçar bolan kynçylyklary watandaşlarynda duýgudaşlyk döretmedi.

Ukrainanyň prawoslaw hristian dinçileri pornografiýa garşy kabul edilen täze kanuny goldadylar.

Emma käbir analitikler bu kanuny çakdanaşa berk atlandyrdylar.

Ukrainanyň feminist topary hem Hageni goldady. “Femen” atly bu toparyň agzalary Ukrainada we beýleki ýurtlarda göwüslerini ýalaňaçlap protest geçirmekleri bilen tanymal.

Hageniň özi hem şu aýyň başynda Çehiýanyň parlamentiniň öňünde göwsüni ýalaňaçlap protest aksiýasyny geçirdi.

Ol bu hereketiniň sebäbini düşündirip, aýallaryň öz tenlerini öz isleglerine görä ulanmaga haklydygyny aýtdy.

Ukrainaly bu pornoaktrisa garaşylmadyk ýerden hem goldaw bildirildi. Çehiýaly iki ruhany, olaryň biri katolik, beýlekisi ýewangelist ýakynda Hageni goldap çykyş etdiler. Olar zerur bolan halatynda oňa başpena bermäge taýýarlyk bildirdiler.

Hagen özüniň pornografiýa baş goşmagynyň sebäbini ýurtda sosial üpjünçiligiň gowşakdygy bilen düşündirdi. Atastasiýa Hagen 18 ýaşyndaka, adamsy türmä düşüpdir. Ýaş zenan birinji çagasyny eklemek üçin başga hiç hili girdeýji bolmanso, başga çykalga tapmandygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şol wagtda ukrain hökümeti ýaş enelere 11 dollara barabar çaga puluny töläpdir.

Indiki ädim

Şu hepdede Çehiýanyň sudy mesele doly çözülýänçä Hagene we onuň çagalaryna Çehiýada galmaga rugsat berdi.

Hagen häzirki kynçylyklaryna garamazdan, asuda durmuş baradaky arzuwlaryndan el çekmeýär.

Ol öz çagalaryny Çehiýada bolmasa, başga bir asuda ýurtda terbiýelemäge taýýardygyny, häzirki synanyşyklary başa barmasa Ýewropanyň adam hukuklary boýunça suduna ýüzlenjegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG