Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu saýlaw kampaniýasyna başlady


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu resmi saýlaw kampaniýasyna başlady. Ol özüni Ysraýyly Eýranyň ýadro programmasyndan goramaga iň ukyply dalaşgär atlandyrdy.

Ierusalimde eden çykyşynda Netanýahu Eýranyň ýadro programmasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýändigini, Ysraýyla garşy çykyş edýän Hizbollah we Hamas guramalarynyň wehim salýandygyny, radikal yslamçylaryň Ýakyn Gündogarda durnuksyzlyk döredýändigini aýtdy.

Eýran meselesi

Eýran ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar we özüniň ýadro ýaragyny döretmäge synayşýandygy barada Ysraýyl we Günbatar tarapyndan edilýän aýyplamalary ret edýär.

Köpçülikleýin pikir öwrenmelere görä, 22-nji ýanwarda Ysraýylda boljak saýlawlarda öňki daşary işler ministr Awigdor Libermanyň milletçi partiýasy bilen bilelikde çykyş edýän Benjamin Netanýahunyň Likud partiýasy ýeňiş gazanyp biler.

25-nji dekabrda Ierusalimde eden çykyşynda Netanýahu, Ysraýyla howp salýan Eýranyň ýadro programmasynyň öňüni almak meselesine özüniň esasy üns bermekçidigini aýtdy.

Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasynyň öňüni almak üçin harby çäreleri ulanmak meselesini aradan aýyrmaýar.

Netanýahu şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Eýranyň 2013-nji ýylyň tomsuna çenli ýadro ýaragyny döretmek üçin ýeterlik serişdeleriniň bardygyny aýtdy. Eýran şeýle çaklamalary ret edýär.

Palestina bilen gepleşikler

Şeýle-de Netanýahu Ysraýylyň Palestina bilen parahatçylykly gepleşiklere taýýardygyny aýtdy, emma Ysraýylyň dawaly giňişlikler meselesinde Palestina basyş etmegini dowam etdirjegini duýdurdy.

Ýakynda Ysraýyl Iordan derýasynyň Günbatar kenarynda we Ierusalimiň gündogar böleginde ýaşaýyş jaýlaryň müňlerçesini gurmak planlaryny yglan etdi. Ysraýylyň bu planlary Birleşen Ştatlar we halkara jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary tarapyndan ýazgaryldy we munuň parahatçylyk prosesine howp salýandygy aýdyldy.

Ysraýylyň we Palestinanyň arasyndaky gepleşikler prosesi soňky iki ýylyň dowamynda togtadylypdy. Palestina Ysraýylyň täze ýaşaýyş nokatlaryny gurmak boýunça alyp baran işlerini togtatmagyny talap etdi. Ysraýyl bu talaplary berjaý etmekden ýüz öwürdi.

Syýasy bileleşik

Awigdor Liberman öz partiýasynyň Netanýahunyň partiýasy bilen bileleşigini ysraýyl halkynyň bähbitleri ugrunda hereket edýän esasy güýç hökmünde häsiýetlendirmäge çalyşdy.

Liberman daşary işler ministr wezipesinden dekabryň başynda çekildi. Ol köpçüligiň “ynamyndan hyýanatçylykly peýdalanmakda” aýyplandy. Liberman öz adyna edilýän aýyplamalary ret etdi.

Lebermanyň aýyplanmagynyň onuň partiýasy bilen bilelikde çykyş edýän Likud partiýasyna ses berijiler tarapyndan bildirilýän goldawa hem täsir ýetirip biljegi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG