Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda amala aşyrylan bomba hüjüminde üç adam öldi


Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Host şäherinde “Talyban” hereketiniň amala aşyran bomba hüjüminde üç adam öldi. Bu şäher Owganystanyň Pakistan bilen serhedinde ýerleşýär.

Bu partlama çarşenbe güni ABŞ-nyň harby bazasynyň öňünde amala aşyryldy. Şol bomba hüjümini amala aşyrmak üçin hüjümçi ulagy ulanypdyr, emma bazanyň içine girmegi başarmandyr. Bu barada resmiler habar berýär.

Şol hüjümde bazada işleýän üç owgan işçi ölüpdir we başga-da ikisi ýaralanypdyr. Bu barada Host welaýatynyň polisiýa ýolbaşçysy Abdul Kaýum Azatlyk Radiosyna habar berdi.

"Talyban" hereketiniň sözçüsi Zabihullah Mujahid, amala aşyrylan bu hüjüme söweşijileriň jogapkärdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG