Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda harby uçar heläkçiliginde 27 adam öldi


Sişenbe güni Gazagystanyň günortasynda bolan harby gatnaw uçarynyň heläkçiliginde 27 adam öldi. Habar berilmegine görä, şol uçar serhet esgerlerini äkidip barýarka heläkçilige uçrapdyr.

Bu waka Gazagystanyň günortasyndaky Şymkentiň golaýynda bolup geçdi.

Milli Howpsuzlyk Komitetiniň habar bermegine görä, uçaryň içinde ýedi adam we 20 sany hem ýolagçy, şol sanda ýurduň serhet gullugynyň häzirki ýolbaşçysy polkownik Turganbek Stambekow hem bar eken.

Bu iş boýunça derňew başladyldy. Serhet howpsuzlyk gullugynda işleýän bir ofiseriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol hiç kimiň halas bolmandygyny çaklaýar.
XS
SM
MD
LG