Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gozgalaňçylar Harem şäherini ele geçirdiler


Siriýada gozgalaňçylar bir hepde söweşenlerinden soňra, Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýyndaky şäheri gol astyna geçiripdirler. Bu barada Siriýanyň aktiwistleri habar berýär.

Berilýän maglumata görä, gozgalaňçylar sişenbe güni Harem şäheriniň golaýyndaky hökümetiň soňky berk duran goşunyny gol astyna alandyklaryny aýtdy. Idlib welaýatynyň demirgazygyndaky 20 müň ilatly bu şäheri gozgalaňçylar soňky üstünlikleri diýip häsiýetlendirýärler.

Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda başlanan gozgalaňdan bäri, takmynan 40 müňden gowrak adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG