Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky Täze Ýyl bazarlary


Paýtagt Aşgabadyň “Lomaý söwda bazary” Täze ýyl bazaryna öwrüldi. Bu bazarda täze ýyl söwdasy beýlekilere garanyňda has ir başlanýar. Bazarda maýonez, mekgejöweniň däneleri, zeýtun, nohut, balyk önümleri hem-de gymmatbaha spirtli içgileriň dürli görnüşleri bar.

Bazaryň satyjylaryndan biri Bäşim adamlaryň esasan konserwirlenen azyk önümlerini satyn alýandyklaryny aýdýar. Aşgabadyň beýleki bazarlarynda, şol sanda Parahat mikroraýonyndaky bazarda hem täze ýyl söwdasy gyzgalaňly dowam edýär. Müşderiler ylaýta-da agşam sagat 6-dan soň köp bolýar.

Bahalar

Bazardaky satylýan harytlaryň möçberi adatdakydan örän köp. Emma olaryň bahalary her bir maşgala üçin o diýen elýeterli däl. Mysal üçin, bir ananasyň bahasy 26-30 manat, bir kokosyň bahasy bolsa 5-10 manada durýar.

“Adaty günler bu ir-iýmişler köp satyn alynmaýan-da bolsa, Täze Ýyl baýramynda köp satylýar” diýip, Parahat mikroraýonyndaky bazaryň satyjysy Amangül aýdýar. Bazarda dürli deňiz önümleri hem täze ýylyň öňüsyrasynda peýda bolýar.

Olaryň arasynda adaty günlerde tapylmaýan Tailanddan getirilen kalmar hem bar. Ýöne olaryň bahalary hem halkyň orta gatlagy üçin elýeterli däl. Tailanddan getirilen kalmaryň bir kilogramynyň bahasy 60-70 manat, krewetkanyň bir kilogramy bolsa 100-110 manat.

“Bazaryň konditer önümleri satylýan bölümlerindäki harytlar adatdakysyndan has gymmat bolup, ortaça aýdylanda, olaryň bahalary häzir 20-30% ýokary satylýar” diýip, Parahat mikroraýonyndaky bazaryň satyjysy Amangül aýtdy.

Ýörgünli harytlar

Täze Ýyl söwdasynda döwlete degişli dükanlar hem öz önümleriniň görnüşlerini baýlaşdyrýarlar. Emma olaryň esasy täze ýyl harytlarynyň biri – nireden getirilendigi anyk bolmadyk, bir kilogramy 8 manatdan satylýan towuk budy.

3-4 ýyl bäri her Täze Ýyl baýramynyň öňüsyrasynda bu towuk budunyň köp mukdarda ýurda getirilmegi indi adat bolup galdy. Şeýle-de, döwlet dükanlarynda bazar nyrhyndan arzan ýumurtga we bir kilogramynyň bahasy 11 manatlyk Hindistan gäwmişiniň eti hem Täze Ýyl baýramynyň has geçginli azyk harytlarynyň biri.

Täze Ýyl baýramçylygy bilen bagly iň geçginli söwda harytlaryndan biri hem täze ýyl sowgatlary. Ýörite sebetlere gaplanan sowgatlaryň dürli görnüşleri we bahalary bar. Sebediň içinde goýlan sowgadyň möçberine görä, olaryň bahasy 40 manatdan tä 200 manada çenli ýetýär. Sowgatlaryň arzan görnüşleri Orsýetden, Ukrainadan getirilen daşy bezelen gaplarda satylýar. Arzan sowgatlaryň bahalary 5 manatdan tä 30 manada çenli ýetýär.

Täze Ýyl baýramynyň bezeglerini satyn alýan adamlar hem az däl. Dürli reňklerdäki zerler, täze ýyl arçalaryny bezemek üçin jäjejikler hem-de emeli arçalaryň özleri bu hili harytlary satýan dükanlara aýratyn öwüşgin berýär.

Emeli Täze ýyl arçalarynyň köpüsi Dubaýdan getirilen hytaý önümleri. Boýy 1,5 metr bolan emeli arçanyň bahasy, hiline görä, 30-40 manatdan tä 50 manada çenli ýetýär. Bahasy 100 manat töweregi bolan emeli arçalara hem duşmak bolýar.

Şeýle-de, seýregem bolsa, tebigy arçalar hem satylýar. Aşgabadyň il içinde Ors bazary diýip atlandyrylýan Gülüstan bazarynda boýy 1,5 metrlik tebigy arçanyň bahasy 79 manat.

Täze ýyl bazarlaryndaky bahalaryň adaty günlerdäkiden gymmat bolýandygyna garamazdan, bu bazarlardan eli boş gaýdýan adam ýok. Aşgabatdaky lomaý söwda bazarynyň satyjysy Bäşim hem munuň bilen ylalaşyp: “Adamlar dekabr aýynyň aýlygyny bazarlarda goýup gidýärler. Täze Ýyl baýramyndan soň bazardaky söwda peselýär” diýip gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG