Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür täze Konstitusiýasyny kabul etdi


Müsürde ses berişlik nokadynyň resmileri býulletenleri toplaýarlar, Kair, 22-nji dekabr, 2012.
Müsürde ses berişlik nokadynyň resmileri býulletenleri toplaýarlar, Kair, 22-nji dekabr, 2012.

Müsüriň prezidenti Mohammad Morsi yslamçylar tarapyndan goldanýan we referendum arkaly halk tarapyndan makullanan täze Konstitusiýany tassyklady.

Referendumyň netijeleri ses berijileriň 63.8 prosentiniň täze Konstitusiýany goldandygyny görkezdi. Şol bir wagtda-da referenduma gatnaşan ses berijileriň sany 52 million ilatyň üçden bir bölegine ýetmedi.

Ýurt resmileri iki tapgyrda geçirlen referendumda ýüze çykan bidüzgünçilikleriň ses berişligiň netijelerine gaýtadan garamak üçin esas bermeýändigini aýtdylar.

Prezident Mohammad Morsi we “Musulman doganlar” hereketi täze Konstitusiýanyň ýurdy ykdysady ösüşe we durnuklylyga getirjegini aýdýarlar.

Täze dokumentiň kabul edilmegi parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmek üçin zerur ädim bolup durýar.

Reaksiýalar

Emma reformalaryň tarapynda çykyş edýän oppozisiýa Konstitusiýany ret etmegini dowam edýär. Oppozisiýa kanunyň aýallaryň we azlyklaryň hak-hukuklaryny inkär edýändigini we yslamçylara ýol açýandygyny aýdýar.

Oppozisiýa Konstitusiýany bikanun atlandyrýar.

Müsüre ýylda milliardlarça dollarlyk kömek berýän Birleşen Ştatlar referendumyň netijelerine reaksiýa bildirip, prezident Morsini müsür halkyny birikdirmäge ündedi.

“Müsürde demokratiýanyň geljegi demokratik kanunlaryň we institutlaryň halk köpçüligi tarapyndan goldanmagyna bagly bolar”, diýip Döwlet Departamentiniň beýannamasynda bellenýär.

Şeýle-de beýannamada aýdylyşyna görä, Waşingtonyň öňki ýarany Hosni Mubarak 2011-nji ýylyň fewral aýynda häkimiýet başyndan çetleşdirilensoň Birleşen Ştatlar Müsur halkynyň demokratiýa tarap geçişini goldap gelýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton täze Konstitusiýanyň köpçülik tarapyndan kabul edilmegi bilen bir wagtda, referenduma ilatyň gatnaşyk derejesiniň pes bolanlygyny hem belledi.

Aşton öz beýannamasynda prezident Morsini Konstitusiýa garşy çykyş edýänler bilen dialogy güýçlendirmäge çagyrdy.

"Esasy meseleler"

Müsürde soňky iki ýylyň dowamyndaky syýasy ýagdaý ýurduň ykdysadyýetine uly zeper ýetirdi. Daşary ýurtly maýa goýumlaryň mukdary azaldy, syýahatçylygyň we daşary ýurtly walýuta zapaslaryň derejesi peseldi.

Ýurtda maliýe girdeýjileriň azalmagy bilen bagly aladalanmalar güýçlenýärkä, Morsi ýurduň daşyna 10 müň dollardan artykmaç puluň çykarylmagyna gadagançylyk girizýan kanuna gol çekdi.

Ýurtda barha güýçlenýän kesgitsizlikde howatyrlanýan käbir raýatlaryň öz puluny banklardan alyp başlandygy barada habar berilýär.

Saýlawlaryň iki aýa golaý wagtdan geçiriljegi aýdylýar, oňa çenli yslamçylaryň goly astyndaky parlamentiň ýokarky öýi kanunlaryň üstünde işlejegini aýdýar.

“Musulman doganlar” hereketiniň Azatlyk we adalat partiýasynyň metbugat wekili Murad Ali saýlawlara taýýarlyklaryň we ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça işleriň ýakyn wagtda garaljak esasy meseleler boljagyny aýtdy.

Oppozisiýanyň wekilleri öz göreşini dowam etdirjegini wada berdiler.

XS
SM
MD
LG