Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa: Zähmet migrasiýasy işçilere näme berýär?


Merkezi aziýaly ýolagçylar, Moskwanyň Kazanskiý demirýol wokzaly, 17-nji noýabr, 2012.

Merkezi aziýaly ýolagçylar, Moskwanyň Kazanskiý demirýol wokzaly, 17-nji noýabr, 2012.

Köpçüligiň pikirini öwrenýän “Gellap” atly amerikan instituty postsowet ýurtlaryndaky migrasiýa boýunça geçiren barlaglarynyň netijelerini çap etdi. Amerikan instituty soňky ýyllarda zähmet migrasiýasynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryna ýetiren täsirine baha berdi.

“Gellap” institutynyň maglumatyna görä, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň raýatlarynyň 10%-ti daşary ýurtlarda işlemek arkaly öz maşgalalarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyryp bilmändir.

Daşary ýurtlarda zähmet çekmek tejribesiniň işçileriň hünär derejesine-de çäkli täsir ýetirendigini “Gellap” belleýär.

Gazanç we hünär

Maglumata görä, adamlaryň 48% daşary ýurtlarda işläp öz hünär derejesini ýokarlandyrmagy başarypdyr, 31% bolsa başga ýurtlarda işläp toplan tejribeleriniň öz ýurdunda has gowy aýlykly iş tapmaga ýardam berendigini aýdypdyr. Öz ýurduna dolanyp baran migrantlaryň diňe üçden bir bölegi daşary ýurtlarda öz hünäri boýunça işländigini habar beripdir.

Barlaglaryň netijelerine görä, postsowet regionynyň beýleki ýurtlarynyň ilaty bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýanyň raýatlary üçin daşary ýurtlarda zähmet çekmek tejribesi maliýe we hünar taýdan has peýdaly bolupdyr.

Merkezi Aziýanyň işçileri

Merkezi Aziýaly migrantlaryň 66% daşary ýurtlarda işläp öz maliýe ýagdaýyny gowulandyrandygyny, 54% bolsa hünär derejesini ýokarlandyrandygyny aýtdylar. Deňeşdirme üçin Kawkaz ýurtlaryna degişli görkezijiler has pes bolup, 46% we 37% diýip kesgitlenýär.

Şeýle-de habar berlişine görä, daşary ýurtlarda işlän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň 39% öz ýurtlaryna dolanmagyndan soň, has gowy aýlykly iş tapyp bilipdir. Olaryň 34% daşary ýurtlarda öz käri boýunça işläpdir.

Bu öwrenmeler 2010-njy 2012-nji ýyllaryň aralygynda Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan bolan 19 000 adamyň gatnaşmagynda geçirilipdir.

XS
SM
MD
LG