Sepleriň elýeterliligi

Brahimi Siriýanyň geçiş hökümeti barada çykyş etdi


Parahatçylyk boýunça halkara wekili Lahdar Brahimi Damaskda geçirilen metbugat konferensiýasynda, 27-nji dekabr, 2012.

Parahatçylyk boýunça halkara wekili Lahdar Brahimi Damaskda geçirilen metbugat konferensiýasynda, 27-nji dekabr, 2012.

Halkara wekili Lahdar Brahimi Siriýanyň geçiş hökümetiniň “doly ygtyýarly” we saýlawlara çenli ýurdy dolandyrmaga ukyply bolmalydygyny aýtdy.

Brahimi bu çykyşyny hepdäniň penşenbe güni Damaskda etdi. Ol Siriýa eden bäş günlük saparynyň dowamynda prezident Başar al-Assad bilen gepleşik geçirdi.

Brahimi Assadyň režimini geçiş hökümeti bilen çalyşmak üçin nähili çäreleriň görülmelidigini takyklaşdyrmady. Emma ol Siriýanyň halkynyň talap edýän özgerişlikleriniň “ýüzleý” bolmaly däldigini belledi.

Brahimi Siriýanyň halkynyň hakyky özgerişliklere mätäçdigini, muny isleýändigini we tagalla edýändigini belledi. Brahimi bu maksada ýetmek üçin Siriýanyň halkynyň bütewi bir pikire gelmeginiň zerurdygyny we gerek bolsa halkara jemgyýetçiliginiň ýardam bermelidigini hem aýtdy.

Halkara gepleşikleri

Hepdäniň penşenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili Aleksandr Lukaşewiç Assadyň hökümetini agdarmak boýunça öňe sürülýän teklipleriň Ženewada konferensiýasynda gelnen halkara ylalaşyklaryna ters gelýändigini belledi. Şol konferensiýada Siriýadaky konflikti parahatçylykly ýol bilen çözmek boýunça öňe sürülen plan durmuşa geçirilmändi, sebäbi Assadyň hökümeti we ýurduň oppozisiýasy bu plany kabil etmäge taýýarlyk bildirmändi.

Lukaşewiçiň bu çykyşynyň öňüsyrasynda penşenbe güni Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we Siriýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Faizal Makdadyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Lukaşewiç şol gepleşikleriň Siriýanyň hökümeti we oppozisiýasy arasynda dialogy güýçlendirmek boýunça Moskwanyň edýän tagallalarynyň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Lukaşewiç Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň arasynda dialogy ýola goýmak meselesiniň şenbe güni Moskwada Sergeý Lawrowyň Lahdar Brahimi bilen geçiriljek gepleşikleriniň gün tertibinde garaljakdygyny aýtdy.

Lukaşewiç Osyýet bilen ABŞ-nyň Siriýadaky graždan uruşynyň soňuna çykmak boýunça bilelikdäki planynyň bardygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Lahdar Brahimi hepdäniň penşenbe güni Damaskda eden çykyşynda ýakyn wagtda ABŞ-nyň we Orsýetiň resmileri bilen üçünji bilelikdäki maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Dekabryň başyndan bäri şeýle maslahatlaryň ikisi geçirildi.

XS
SM
MD
LG