Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Jynsy taýdan zorlanan gyz Singapura bejergä ýollanyldy


Penşenbe güni Hindistanyň medisina resmileri ýakynda alty sany erkek kişi tarapyndan bir awtobusda jynsy taýdan zorlanyp, awtobusdan zyňlan ýaş gyzyň bejergi çäreleri üçin Singapura ýollanandygyny mälim etdiler.

Hindistanyň resmileri 23 ýaşly bu gyzyň saglygynyň örän agyrdygyny aýdýarlar.

16-njy dekabrda ýüz beren bu wakanyň yzy bilen müňlerçe protestçi Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide bu jynsy zorlugy amala aşyranlara ölüm jezasynyň berilmegini talap edip, yzly-yzyna birnäçe gün demonstrasiýa geçirdi.

Hindistanyň polisiýasy bu işde güman bildirilýän alty adamyň eýýäm tussag edilendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG