Sepleriň elýeterliligi

“Gallup” merkezi zähmet migrantlarynyň ýagdaýyny öwrendi


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Gallup” barlaglar merkezi penşenbe güni ozalky postsowet respublikalaryndan daşary ýurtlara gidýän zähmet migrantlarynyň ýagdaýy barada geçiren barlaglarynyň netijesini çap etdi.

Bu gurama öz geçiren pikir soraýyşlyklaryna esaslanmak arkaly ozalky Sowet Soýuzynyň territoriýasyna degişli zähmet migrantlarynyň her onusyndan dördüsiniň daşary ýurtlarda çekýän zähmetleriniň öz maşgalalarynyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmandygyny aýdandygyny belleýär.

Maglumata görä, “Gallup” barlaglar merkezi Moldowadan, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz regionyndan daşary ýurtlara çykan zähmet migrantlaryndan 19 müňüsi bilen pikir soraýyşlyk geçiripdir.

Bu gurama, aglaba, gazagystanly, gyrgyzystanly, täjigistanly, türkmenistanly we özbegistanly zähmet migrantlarynyň öz çekýän zähmetleriniň maşgala býujetini gowulandyrmaga oňyn täsir edendigini aýdandyklaryny habar berýär.
XS
SM
MD
LG