Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Ýokarky palata amerikalylara garşy kanuny tassyklady


Çarşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy bolan Federal Geňeşi orsýetli çagalaryň amerikan raýatlary tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alynmaklaryna gadagançylyk girizýän kanuny düzgüni biragyzdan kabul etdi.

Bu kanunyň taslamasyny Orsýetiň deputatlary Birleşen Ştatlaryň Orsýete garşy girizen we “Magnitskiý akty” diýlip atlandyrylýan sanksiýasyna jogap görnüşinde kabul etdiler.

Orsýetiň parlamenti bu täze kanuny 2008-nji ýylda amerikaly öweý kakasy tarapyndan maşynyň içinde galdyrylyp, öldürilen 2 ýaşly Dima Ýakowlewiň hormatyna “Dima Ýakowlew adyndaky akt” diýip atlandyrdylar.

Orsýetiň bu täze kanuny Orsýetiň raýatlarynyň hukuklaryny bozmakda güman bildirilýän we aýyplanylýan amerikan raýatlarynyň Orsýetiň territoriýasyna gelmeklerini gadagan edýär.

Ýöne bu gadagançylyk girizilen amerikan raýatlarynyň resmi sanawy heniz köpçülige aýan edilenok. Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynyň kabul eden bu täze kanuny indi prezident Putin tarapyndan tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG