Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Osetiýa: Baş müftüniň orunbasary öldürildi


Çarşenbe güni agşamlyk Orsýetiň howpsuzlyk resmileri Demirgazyk Osetiýanyň baş müftüsiniň orunbasary Irbek Dudarowyň näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürilendigini habar berdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, Irbek Dudarow Wladikawkaz şäheriniň golaýynda öz maşynynyň içinde atylyp öldürilipdir. Onuň kim tarapyndan atylyp öldürilen bolmagynyň mümkindigi barada häzirlikçe anyk bir çaklama öňe sürülmeýär.

Munuň özi şu üstümizdäki ýylda Orsýetiň territoriýasynda musulman liderleriniň janyna kast etmek boýunça amala aşyrylan ýedinji hüjümdir. Şular ýaly hüjümlerde şu ýyl diňe Dagystanyň özünde bäş sany musulman lideri öldürildi.
XS
SM
MD
LG