Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Oppozisiýa konstitusiýa garşy protestini dowam etdirmekçi


Penşenbe güni Müsüriň esasy oppozision toparlaryndan biri bolan Milli Azat Ediş Fronty yslamçylar tarapyndan goldanylan täze konstitusiýa garşy protest bildirmegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Bu oppozision frontuň metbugat sekretary Husseýin Abdel Ghani prezident Mürsüniň hökümetini yslam dinini ulanyp, Müsüri repressiw döwlete öwürjek bolmak synanyşyklarynda aýyplady we muňa garşy parahatçylykly protestleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ol prezident Muhammad Mürsüniň dürli syýasy toparlar bilen milli dialogy ýola goýjakdygy barada eden beýanatynyň çyn ýürekden edilen beýanatdygyna ynanmaýandygyny-da belledi.

Müsüriň resmi häkimiýetleri ýakynda geçirilen referendumda ses berijileriň 64 prosentiniň täze kontitusiýanyň taslamasyny goldandygyny yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG