Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümet delegasiýasy Moskwada gepleşik geçirdi


Penşenbe güni Siriýanyň hökümet delegasiýasy Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada gepleşik geçirdi.

Siriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Faýsal Makdadyň ýolbaşçylygyndaky bu delegasiýanyň geçiren gepleşiklerinde Siriýadaky konfliktleri çözmekligiň taslamalary barada pikir alşylandygy habar berilýär.

Siriýanyň delegasiýasynyň bu gepleşiklerinden soň şenbe güni Siriýa boýunça BMG-niň ýörite wekili Lahdar Brahimi hem Moskwada gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Şu hepdäniň başynda Lahdar Brahimi Damaska sapar edip, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen bu ýurtdaky konfliktler bilen baglanyşykly gepleşik geçiripdi.

Siriýa bilen ýakyn söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýan Orsýet Siriýanyň prezidentiniň tarapyny tutmaýandygyny öňe sürüp, bu ýurtdaky konfliktleriň çözgüdiniň siriýalylaryň özleriniň ylalaşygy esasynda gelinmeginiň tarapyny tutýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG