Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Zähmet migrasiýasynyň maşgala täsiri


Bir ene agtygy bilen

Bir ene agtygy bilen

Lebabyň Sakar etrabynyň Çandyr obasynda ýaşaýan 67 ýaşly Jümägül daýza oglunyň üç çagasyna seredýän lebaplylaryň diňe biri. Jümägül daýzanyň ogly bilen gelniniň ikisi hem iki ýyl mundan ozal Türkiýä işlemäge gidipdirler.

Jümägül daýzanyň ogly bilen gelni daşary ýurtlara, Türkiýä işlemäge giden türkmenistanly maşgalalardan diňe biri. Sakar etrabynyň ýerli hökümet wekilleriniň aýtmagyna görä, “Geçen bir ýylda Türkmenistandan 111 müň 260 adam daşary ýurtlara gidipdir we olaryň-da 34 müňüsi Lebabyň ýaşaýjylarydyr”.

Türkiýä işlemäge gidýänler esasanam ýaşlar bolup, olaryň arasynda Jümägül daýzanyň ogly we gelni ýaly çagaly maşgalalar hem bar. Olaryň çagalaryna göz-gulak bolmak wezipesi iş ýüzünde maşgalanyň ýaşulularynyň gerdenine düşýär.

Adynyň agzalmagyny islemedik lebaply zenan bu ugurda şaýat bolan bir wakasy barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: ”Ýaş gelinler öz çagalaryny köplenç öz enelerine taşlap gidýärler. Käwagt biri gaýnyna tabşyraýmasa, esasan öz enesine ynanyp gidýärler. Iki-üç çagalaryny taşlap gidip ýörenlerem bar. Men birini bilýän – üç çagasyny taşlap gitdi, 2006-njy ýylda gitdi şol gelin”.

Türkiýä işlemäge gidýän türkmenistanly zenanlar, umuman aýdylanda, öý hyzmatlarynda işläp, olaryň uly bir böleginiň, üç aýlyk wiza möhleti gutarandan soň, bikanun ýagdaýa düşüp, soňra ýyllap şol legal däl statusda ýaşaýandygy aýdylýar.

"Ene mähri"

Bu-da şeýle ýagdaýdaky türkmenistanlylar aýlap, hatda ýyllap öz maşgalasyndan, çagalaryndan uzakda ýaşamaly bolýarlar diýmek. Olar öz çagalaryny küýseýän bolsa, çagalary hem olary küýseýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan, adynyň agzalmagyny islemedik lebaply gelin bu barada ýene şeýle diýdi: ”Olar ejelerini küýseýär. Duýulýar-da şol, garyndaşymy, daýzasymy bir ýaşrak gelse, başga bir mugallyma gelse, şeýle bir seredýärler… Bir hili şundan aňsa bolýar, ene mähri ýetenok olara. Okuwa kän bir ünsem ýok olaryň, şol oýun oýnap, [oýna] ýykgyn edip, okanoklar, okasy gelenok olaryň”.

Käbir adamlaryň gazanç üçin daşary ýurtlara gitmegi maşgalalary biri-birinden jyda düşürýän bolsa, bu ýagdaý şol daşary ýurda gidenleriň obasynda käbir goşmaça gazanç çeşmesini hem döredýär. Meselem kiçi ýaşly çagalary bolan ene-atalaryň arasynda uzak wagtlap daşary ýurtlara işlemäge gidenlerinden käbirleri öz çagalaryny ýaş jigilerine goýup gidýärler. Bu hem, esasan, mekdebi tamamlan işsiz ýaş gyzlara iş mümkinçiligini döredýär.

Lebaply ýaş ýigit Zafaryň jigisi hem Türkiýä işlemäge giden uly aýal doganynyň çagasyna enekelik edýän ýaş gyzlardan biri. Zafaryň aýtmagyna görä, enekelik edýändigi üçin oňa aýratyn aýlyk berilmeýän hem bolsa, Türkiýeden belli bir derejede pul iberilýär.

Elbetde, Türkiýä işlemäge gidenleriň aýlygy biri-birinden tapawutly, onsoň olaryň yzyna, ýagny öz maşgalasyna iberýän puly hem deň däl. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan lebaply zenanyň aýtmagyna görä, iberilýän puluň möçberi aýda 200-300 dollar aralygynda: “Olar işläp iberýärler, her aýda iberýärler öýlerine 200, 500 dollar gelip ýöreni hem bar, iberýärler”.

Jümägül daýzanyň ogly bilen gelninden hem her aýda yzyna pul gelip dur, emma olaryň haçan ýurda dolanjagy, asla dolanyp-dolanmajagy barada ne Jümägül daýza bir zat aýdyp bilýär, ne-de onuň ogly bilen gelniniň bu ugurda anyk plany bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG