Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganlar energetik içgilere hyrydar


Owganystanyň ýaşaýjylary çaý satýan dükanyň öňünde, Kabul, 2012.

Owganystanyň ýaşaýjylary çaý satýan dükanyň öňünde, Kabul, 2012.

Çaý Owganystanda uzak wagtlap iň köp içilýän içgi bolupdy. Emma owganlar indi içi kofeinli energetik içgileri has köp içip başladylar. Bu ýagdaý gapmagarşy pikirleri döretdi.

Çölüň içinde gymmatbahaly motorly barýan ýaş zenany we ýük maşyny çekýän daýaw adamy näme birleşdirýär?

Güýçli energiýa!

Owganystanlylara telewideniýe arkaly görkezilýän reklamalara ynansak, güýç-kuwwaty “Effekt”, “Gangster” ýa-da “Bum-Bum” atly içi kofeýinli energetik içgiler berýär.

Telewision reklamalar, owganlary şeýle harytlary satyn almaga höweslendirmek boýunça usullaryň diňe biri.

Radio tolkunlar we tutuş ýurt boýunça köçelerde ýerleşdirilen reklamalar hem şeýle harytlary satyn almaga höweslendirýär.

Energetik içgiler şu günki Owganystanyň ähli ýerlerinde satylýar. Olary köçe söwdegärleri-de, gymmat bahaly restoranlar-da satýarlar.

Hatda köp zatlara çydamsyz “Talybanyň” söweşijileri-de teşneligini basmak üçin şeýle içgilerden ýüz öwürmeýärler.

Emma soňky döwürde energetik içgileri gadagan etmek boýunça çagyryşlar peýda boldy. Köpler şeýle içgiler “yslam tarapyndan gadagan” edilmeýär, diýip hasap edýän hem bolsalar, energetik içgiler dinçiler tarapyndan ýazgarylýar.

Garşy pikirler

Olar energetik içgileriň stimul berýän täsirini alkogolyň täsirine deňeýärler we haram, diýip atlandyrýarlar.


Beýleki tankytçylar daşary ýurtlardan getirilýän şeýle içgileriň hilini sorag astyna goýdular we onuň owganlaryň saglygyna zyýan ýetirip biljegine üns berdiler.

Owganystanda daşary ýurtlardan getirilýän içgilere, azyk önümlerine we dermanlara döwlet tarapyndan az gözegçilik edilýär. Bu bolsa owgan bazarynda pes hilli we beýleki ýurtlarda satyp bolmaýan köne harytlaryň köpdügini aňladýar.

Harydyň hili

Dükanyň eýesi Abdylla daşary ýurtly şirketleriň Owganystandaky söwda wekilleriniň wagty geçen harytlary pes bahadan satýandyklaryny, käbir dükanlaryň eýeleriniň bolsa şeýle harytlary höwes bilen alyp-satyp, has uly girdeýji görýändiklerini aýdýar.

Abdylla köne harytlaryň satylmagynyň öňüni almak üçin Saglyk ministrliginiň çäre görmeginiň zerurdygyny belleýär.

Emma gapmagarşylyklara we töwekgelçiliklere garamazdan ýurtda energetik içgileriň söwdasy ýaýbaňlanýar.

Kabuldaky dükanyň eýesi Habib Rahman energetik içgilere bolan islegleriň “Koka-kola” we “Pepsi” ýaly alkogolsyz meşhur içgilerden has köpdügini belleýär.

Habib Rahmanyň sözlerine görä, köp owganlar energetik içgiler güýç berýär we ýadawlygy basýar, diýip pikir edýärler.

Şeýle içgileriň söwdasynyň möçberine degişli statistik maglumatlar elýeterli däl.

Emma mälim bolşuna görä, şu günki gün Owganystanda energetik içgileriň onlarça görnüşi satylar.
XS
SM
MD
LG