Sepleriň elýeterliligi

Gürji prezidenti amnistiýa taslamasyna weto goýdy


Gürjüstanyň prezidenti Mihaýil Saakaşwili parlamentdäki garşydaşlary tarapyndan hödürlenen amnistiýa baradaky taslamanyna weto goýdy. Taslama görä, ýurduň türmesinde oturan 3 müňden gowrak adam azat edilmelidi.

Saakaşwili amnistiýa girizilen adamlaryň arasynda pedofilleriň, Orsýetiň bähbidine içalyçylyk etmekde aýyplananlaryň, şeýle-de dönüklikde günälenip tussag edilen harbylaryň dagy bardygyny belledi.

Käbir tankytçylaryň aýtmagyna görä, amnistiýa girizilen adamlaryň käbirleri Saakaşwilä ygrarly resmileriň pidalary bolupdyrlar.
XS
SM
MD
LG