Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ormuz bogazynda harby türgenleşikler başlandy


Eýran Ormuz bogazynda harby-deňiz türgenleşiklerine başlady. Bu barada ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri maglumat berýär.

Ormuz bogazyndan deňiz arkaly daşalýan nebtiň üçden bir bölegi geçýär. Gowuşýan maglumatlara görä, harby gämileriň, suwasty gämileriň we harby samoletlaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu türgenleşikler anna güni irden başlanypdyr.

Eýranyň harby-deňiz kommandiri Habibollah Saýýariniň sözlerine laýyklykda, türgenleşikler çarşenbe gününe çenli dowam eder.

Eýrana dawaly ýadro programmasy üçin girizilen halkara sanksiýalary sebäpli, yslam döwleti bolup biläýjek islendik harby hüjüme jogap hökmünde, Ormuz bogazyny petiklejekdigi bilen haýbat atypdy.
XS
SM
MD
LG