Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Jynsy taýdan zorlanan gyzyň ýagdaýy “juda agyr”


Hindistanda jynsy zorluklara sezewar edilen gyzy bejerýän lukmanlaryň aýtmagyna görä, 23 ýaşly gyzyň ýagdaýy “juda agyr” bolmagyna galýar.

Gürrüňi gidýän talyp gyz we onuň ýanyndaky oglan dosty, 16-njy dekabrda Nýu-Deliniň awtobusynda atly adam tarapyndan gazaply ýenjilýär. Soňundan şol adamlar gyzy zorlaýarlar.

Gyzyň bejergisini dowam etdirmek üçin, ol penşenbe güni Singapura getirilipdi. Lukmanlaryň anna güni beren maglumatyna görä, gyzyň öýkenine we döşüne infeksiýa düşüpdir, onuň beýnisine hem şikes ýetipdir. Gowuşýan käbir maglumatlara görä, Hindistanda wagty onuň ýüreginden hem tutupdyr.

Gyzyň zorlanmagy netijesinde, Hindistanda giň gerimli protestler döräpdi. Demonstrantlar hökümetden aýallaryň haklaryny goramak üçin has köp tagalla etmegini talap edipdiler.

Gyzy zorlamakda şübhelenýän alty adam tussag edildi.
XS
SM
MD
LG