Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Putin amerikalylara garşy kanuny tassyklady


Prezident Wladimir Putin orsýetli çagalaryň amerikan raýatlary tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alynmaklaryna gadagançylyk girizýän kanuny düzgüni tassyklady. Ol 1-nji ýanwardan güýje girer.

Bu kanunyň taslamasy Birleşen Ştatlaryň Orsýete garşy girizen we “Magnitskiý akty” diýlip atlandyrylýan sanksiýasyna jogap görnüşinde taýýarlanypdy.

Orsýetiň parlamenti bu täze kanuny 2008-nji ýylda amerikaly öweý kakasy tarapyndan maşynyň içinde galdyrylyp, öldürilen 2 ýaşly Dima Ýakowlewiň hormatyna “Dima Ýakowlew adyndaky akt” diýip atlandyrdylar.

Orsýetiň bu täze kanuny Orsýetiň raýatlarynyň hukuklaryny bozmakda güman bildirilýän we aýyplanylýan amerikan raýatlarynyň Orsýetiň territoriýasyna gelmeklerini gadagan edýär.

Ýöne bu gadagançylyk girizilen amerikan raýatlarynyň resmi sanawy heniz köpçülige aýan edilenok.
XS
SM
MD
LG