Sepleriň elýeterliligi

Durdykulyýew: “Men kompensasiýa berilmegini isleýärin”


Graždan aktiwisti Gurbandurdy Durdykulyýew öz ýaşaýan howlusynyň gapysyna näbelli adamlaryň ýazan “Dönük” diýen ýazgysynyň ýanynda. Balkanabat, 24-nji iýun, 2008.

Graždan aktiwisti Gurbandurdy Durdykulyýew öz ýaşaýan howlusynyň gapysyna näbelli adamlaryň ýazan “Dönük” diýen ýazgysynyň ýanynda. Balkanabat, 24-nji iýun, 2008.

Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, 72 ýaşynyň içindäki belli graždan aktiwisti Gurbandurdy Durdykulyýew indi 6 ýyl bäri howpsuzlyk gulluklaryndan öz pasportyny alyp bilmeýändigi sebäpli uly kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýar.

Öz döwründe, 2004-nji ýylda ol, hiç hili sebäbi düşündirilmezden, türkmen häkimiýetleri tarapyndan mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirilende, Birleşen Ştatlaryň 54 sany kongresmeni onuň ruhy hassahanadan boşadylmagyny talap edip, Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenipdi.

Ýöne 2006-njy ýylda azatlyga goýberilen Gurbandurdy aga şol ýyl, sebäbi düşündirilmezden, öz pasportyndan hem mahrum edilipdi. Ýakynda ol bu barada ýurduň prezidentine gaýtadan ýüz tutandygyny habar berdi.

Gurbandurdy Durdykulyýewiň şu soňky ädimleriniň netijesi bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy onuň bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG