Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky maslahatda 2012-nji ýylyň jemleri jemlendi


Anna güni Aşgabatda tutuş 2012-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Maslahatda eden çykyşynda prezident G.Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň 53 sany maslahatynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 14 maslahatynyň, şeýle-de 60 sany wideo maslahatyň geçirilendigini aýratyn belledi.

Mundan daşary, ol 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA bileleşigine ýolbaşçylyk edendigini we özüne ynanylan bu wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelendigini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýylyň dowamynda öz dolandyrýan pudaklaryndaky edilen işleriň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdiler. Maslahatda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda 2013-nji ýylda göz öňünde tutulýan planlar barada-da gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG