Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystandaky operasiýada ýedi sany ýaragly söweşiji öldürildi


Şenbe güni Dagystanyň howpsuzlyk güýçleri paýtagt Mahaçkala şäherinde geçirilen operasiýada bikanun ýaragly bir toparyň ýedi agzasyny öldürdiler.

Bu howpsuzlyk operasiýasy anna güni ýaragly toparyň bir agzasynyň şäheriň köçelerinden birinde ýerli polisiýa işgärleri bilen atyşyga girmegi bilen başlandy.

Ýaragly söweşijilerden biri atylyp öldürilenden soň, beýleki alty söweşiji şol ýerdäki jaýlardan birinde gizlendi. Howpsuzlyk güýçleri şenbe güni irdene çenli garaşyp, operasiýany täzeden ýola goýdular we jaýda gizlenen ýaragly söweşijileriň ählisini ýok etdiler.
XS
SM
MD
LG