Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň parlamentini Tbilisä göçürmeklik planlaşdyrylýar


Gürjüstanyň parlament spikeri Dawid Usupaşwili häzire çenli ýurduň Kutaisi şäherinde işläp gelýän parlamentiň geljek ýylyň ýazynda Tbilisä geçirilmeginiň mümkindigini mälim etdi.

Anna güni ol bu barada eden çykyşynda geljek ýylyň başynda garalmagy göz öňünde tutulýan kanuny taslamalaryň we üýtgetmeleriň hatarynda parlamenti Tbilisä geçirmek baradaky taslamanyň-da bardygyny aýtdy.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň ozalky hökümetiniň inisiatiwasy bilen kabul edilen kanuna görä, Gürjüstanyň parlamentini Kutaiside ýerleşdirmeklik karar edilipdi.

Parlamentiň Kutaisidäki binasynyň gurluşygy şu ýylyň başynda tamamlanyp, parlament öz sessiýalaryny diňe şu ýylyň oktýabrynda şol ýerde geçirip başlapdy.

Ýöne bu proýektiň tankytçylary parlamentiň paýtagtdan 230 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşmeginiň hökümet edaralary bilen parlamentiň özara işlerini kynlaşdyrýandygyny aýdyp, parlamentiň Tbilisä gaýtarylyp getirilmegine aýak direýärler.
XS
SM
MD
LG