Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Konstitusion sud saltyt baradaky plany ret etdi


Şenbe güni Fransiýanyň Konstitusion sudy 1 million ýewrodan geçýän girdejilere 75 prosent salgyt salmak baradaky hökümet planyny bikanun plan hökmünde ret etdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandyň inisiatiwasy bilen öňe sürlen bu salgyt planyny ýurduň Konstitusion sudy konstitusiýa garşy gelýän plan hökmünde häsiýetlendirdi. Hususan-da, sud bu salgydyň möçberini däl-de, eýsem onuň maşgala agzalaryna bölüniş usullaryny bikanun diýip tapdy.

Hökümetiň bu göz öňünde tutýan planynda iki sany ekleýjisi bolan maşgalada ekleýjileriň her biriniň 1 million ýewrodan az girdeji alan halatynda, bu maşgalany şeýle salgytdan azat etmeklik göz öňünde tutulýar.

Emma bir ekleýjisi bolan maşgalada ekleýjiniň 1 million 200 müň ýewro gazanan halatynda, ol 75 prosent salgyt tölemeli edilýär. Fransiýanyň premýer-ministri Konstitusion suduň bu mesele baradaky aladalarynyň indi göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG