Sepleriň elýeterliligi

Unudylmajak unudylan aýdymçy


Aşgabadyň sazly-drama teatry.

Aşgabadyň sazly-drama teatry.

Şu geçip barýan 2012-nji ýylda belli aýdymçy Güljan Hümmedowanyň dünýä inenine 75 ýyl doldy. Ol türkmen estarda sungatynda örän özboluşly hem ýakymly sesi bilen halka özüni tanadypdy hem köpüň söýgüsini gazanypdy.

Aslynda estrada türkmen milli sungatynda örän täze bolup, ol opera we balet sungatyndan-da soňrak emele geldi. Her bir täze sungatda ilkinji kynçylyk ony halk köpçüligine ykrar etdirmek bolýar. Şu babatda Güljan Hümmedowa iki bagtly pursat ýar boldy.

Olaryň ilkinjisi Güljanyň tebigy ukyby, ýagny oňa berlen ýakymly hem belent ses. Ikinjiden, onuň aýdyma başlan döwri, nähilem bolsa, gowy zamana gabat gelipdi.

Kommunistler, aslynda, estrada sungatyny halamaýardylar, ýöne Staliniň şahsyýet kultunyň ýazgarylmagy bilen, SSSR-e maýylganlyk döwri aralaşyp, sungatyň dürli ugurlaryna ýol açylypdy. Şu iki şert hem Güljan Hümmedowa aýdymçy hökmünde özüni ykrar etdirmäge şert döredipdi.

Güljan Hümmedowanyň ömri we döredijiligi baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG