Sepleriň elýeterliligi

Hindistanly gyzyň ölümine müňlerçe adam gynanç bildirýär


Şenbe we ýekşenbe günleri bu ýaş gyzyň ölümine gynanç bildirip, elleri şemli müňlerçe adam Nýu-Deliniň merkezine ýygnandy. Nýu-Deli, 29-njy dekabr, 2012.

Şenbe we ýekşenbe günleri bu ýaş gyzyň ölümine gynanç bildirip, elleri şemli müňlerçe adam Nýu-Deliniň merkezine ýygnandy. Nýu-Deli, 29-njy dekabr, 2012.

Ýekşenbe güni Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde köpçülikleýin jynsy taýdan zorlanyp we awtobusdan zyňlyp öldürilen 23 ýaşly gyzyň kremasiýa-jaýlanyş çäresi gurnaldy. Bu ýas çäresine bu heläk bolan gyzyň dogan-garyndaşlary bilen birlikde köpsanly hökümet resmileri-de gatnaşdylar.

Bu ýaş student gyz geçen hepdäniň penşenbe güni gyssagly bejergi üçin Singapura alnyp gidilipdi. Ýöne şenbe güni irden ol Singapuryň keselhanasynda aradan çykdy.

Singapuryň lukmanlary bu gyzyň beden organlaryna we beýnisine salnan ýaralaryň juda çynlakaýdygy sebäpli, onuň ömrüni halas edip bolmandygyny aýdýarlar.

Protestlere sebäp boldy

16-njy dekabrda hindistanly bu student gyzyň alty sany erkek kişi tarapyndan awtobusda jynsy taýdan zorlanmagy, ýenjilmegi we awtobusdan zyňylmagy bilen bagly bu bolan waka paýtagt Nýu-Delide uly gerimde protest çykyşlarynyň möwç almagyna sebäp boldy.

16-njy dekabrda bolan bu waka Nýu-Delide uly protest çykyşlaryna sebäp boldy. Nýu-Deli, 22-nji dekabr.

16-njy dekabrda bolan bu waka Nýu-Delide uly protest çykyşlaryna sebäp boldy. Nýu-Deli, 22-nji dekabr.

Yzly-yzyna birnäçe gün demonstrasiýa çykan müňlerçe protestçi aýal-gyzlara garşy edilýän zorluklaryň öňüni almakda häkimiýetleriň talabalaýyk çäre görmeýändiklerini aýdyp, muny ýazgardylar. Şeýle hem, olar bu student gyza sütem eden adamlaryň ölüm jezasyna höküm edilmegini talap etdiler.

Hindistanyň polisiýasy bu gyzy ýençmekde, ony jynsy taýdan köpçülikleýin zorlamakda we awtobusdan zyňmakda aýyplanylyp tussag edilen alty sany erkek kişä şu gün adam öldürmekde resmi jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini yglan etdi.

Ýekşenbe güni bu ýaş gyzyň ölümine gynanç bildirip, elleri şemli müňlerçe adam Nýu-Deliniň merkezine ýygnandy.

Häkimiýetler tankytlanylýar

Bu waka bilen baglanyşykly ot ýakylyp gurnalan doga okaýyşlyk dessurynda ýerli hindi ruhanysy Prem Das Tripati öz dogalarynyň ähli hindi zenanlarynyň baş saglygyna we goragyna bagyşlanýandygyny aýtdy.

“Bu dessuryň esasy maksady zenanlara garşy edilýän jynsy zorluklardan we beýleki jenaýatçylyklardan aýal-gyzlaryň goralmagy üçin doga etmekden ybarat. Biziň syýasatçylarymyz bu mesele barada dymýarlar. Olar aýal-gyzlaryň goragy üçin talabalaýyk çäreleri görmeýärler, jynsy zorluklara garşy berk kanunlary kabul etmeýärler” diýip, hindi ruhanysy Prem Das Tripati nygtady.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň resmileri Nýu-Delide jynsy taýdan zorluga sezewar edilip öldürilen bu gyzyň maşgalasyna öz gynançlaryny beýan etdiler. BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun hem bu barada eden çykyşynda “bu rehimsiz jenaýatçylygy berk ýazgarýandygyny” nygtady.

Nýu-Deliniň polisiýa edarasynyň metbugat sekretary Radjan Bhagat bu jenaýatçylykda aýyplanýan adamlaryň sud tarapyndan günäli tapylan halatynda, olaryň ölüm jezasyna höküm edilmekleriniň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG