Sepleriň elýeterliligi

Ukraina 2013-nji ýyldan hökmany harby gullugy ýatyrmakçy


Ukrainanyň hökümeti 2013-nji ýyldan başlap ýurtda hökmany harby gulluk düzgüniniň ýatyrylýandygyňy yglan etdi.

Ukrainanyň goranmak ministri Pawel Lebedew geljek ýyldan başlap ýurduň goşun bölümlerinde kontrakt esasynda gulluk etmek düzgüniniň giriziljekdigini aýtdy.

Ol Ukrainanyň armiýasynda ýola goýuljak “düýpli özgerişlikleriň” bu ýurduň harby pudagynyň standartlaryny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky standartlara laýyk getirjekdigini öňe sürdi.

Statistiki maglumatlara görä, 2012-nji ýylda Ukrainanyň goşun bölümlerinde jemi 184 müň adam harby gullukda bolupdyr. Şeýlelikde, harbylarynyň sany boýunça Ukraina Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bäşinji orunda durýar.

Ýurduň Goranmak ministrligi geljek bäş ýylyň dowamynda harbylaryň sanyny 70 müňe getirmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG