Sepleriň elýeterliligi

Yragyň milli futbol komandasyna täze trener bellendi


Ýekşenbe güni Aziýa Futbol Konfederasiýasy Yragyň futbol komandasynyň baş trenerligine ýerli futbol treneri 49 ýaşly Hakim Şakiriň bellenendigini yglan etdi.

Şeýlelikde, Yragyň futbol komandasynyň treneri wezipesine argentinaly ozalky dünýä meşhur futbolçy we terener Diýego Maradonanyň bellenjekdigi baradaky gürrüňleriň soňuna nokat goýuldy.

Ýekşenbe güni Aziýa Futbol Konfederasiýasy bu soňky maglumatyň Yragyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy.

Mundan ozal Yragyň futbol komandasyna braziliýaly trener Ziko trenerlik edip gelýärdi. Ýöne ýakynda, noýabr aýynda ol bu wezipeden çekildi.
XS
SM
MD
LG