Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkly aýal garaýagyz adamy metroda öldürmekde aýyplanýar


Nýu-Ýorkuň polisiýasy şenbe güni 31 ýaşly bir ýerli aýal maşgalanyň “milletçilikli ýigrençde” we adam öldürmekde aýyplanyp, tussag edilendigini habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu aýala bir garaýagyz adamy metrostansiýada otlynyň öňüne itekläp öldürmekde aýyplama bildirilýär.

Polisiýa otlynyň öňüne iteklenip öldürilen adamyň şahsyýetiniň anyklanandygyny we onuň Hindistanda doglan we Nýu-Ýorkda ýaşaýan 46 ýaşly Sunando Sendigini mälim etdi.

Munuň özi şu aýyň dowamynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ikilenji gezek adamyň otlynyň öňüne iteklenip öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boldy.
XS
SM
MD
LG