Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Awigdor Libermane resmi aýyplama bildirildi


Ýekşenbe güni Ysraýylyň Adalat ministrligi bu ýurduň ozalky daşary işler ministri Awigdor Libermane wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we maliýe galplygynda resmi aýyplamala bildirilendigini mälim etdi.

Liberman şu aýyň başynda özüne kanun bozmalarda güman bildirilmegi bilen baglanyşykly öz wezipesinden çekilipdi.

Awigdor Liberman özüne garşy gizlinlik bilen jenaýat-derňew işleriniň alnyp barylýandygy barada özüne maglumat beren bir diplomaty bikanun ýagdaýda wezipede beýgeltmekde aýyplanylýar.

Mundan daşary, oňa garşy maliýe galplyklarynda bildirilýän aýyplamalar boýunça-da derňew işleri alnyp barylýar.

Ysraýylyň aşa sagçy “Ysraýyl Beýteýnu” pariýasyna liderlik edýän Awigdor Liberman şu geljek ýylyň ýanwarynda parlament saýlawlaryna gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG