Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada şaýy zyýaratçylaryndan 19-sy öldi


Ýekşenbe güni Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynda amala aşyrylan partlamada şaýy zyýaratçylarynyň azyndan 19-sy ölüp, onlarçasy ýaralandy.

Bu partlama bu prowinsiýanyň Mastung raýonynda ýerli şaýy musulmanlarynyň birnäçe awtobusda Eýrandaky bir mukaddes ýere zyýarata barýan wagtlary amala aşyrylypdyr.

Bir ýerli hökümet resmisi žurnalistlere beren interwýusynda bu partlamanyň janyndan geçen bir hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi.

Pakistanda dini azlyk hasaplanylýan şaýy musulmanlaryna garşy yslamçy ekstremistleriň hüjüm etmekleri ýygy-ýygydan bolýan waka.

Bu soňky wakanyň öňýany Pakistanyň demirgazyk-günbatar regionynda howpsuzlyk gullugynyň 21 sany işgäriniň atylyp öldürilen jesedi tapyldy. Olaryň alnyp gaçylmagynda we öldürilmeginde ýerli talyban söweşijileri aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG