Sepleriň elýeterliligi

Tagtabazar: Açyk meýdandaky “internet kafe”


“Internet kafesi” diýilýän zat, aslynda, Tagtabazar etrap häkimliginiň öňünde ýerleşýän ýadygärlikler parky bolan açyk meýdan.

“Internet kafesi” diýilýän zat, aslynda, Tagtabazar etrap häkimliginiň öňünde ýerleşýän ýadygärlikler parky bolan açyk meýdan.

Soňky wagtlar Türkmenistanda internet giňden ýaýrap başlady, internet kafeleri köpeldi. Olar esasanam welaýat merkezlerinde, paýtagtda ýerleşýär. Ýöne köpçüligiň bilmeýän özboluşly bir “internet kafelerinden” biri-de ýakynda Tagtabazar etrabynda açyldy.

Bu “internet kafeniň” goşa dyrnaga alnyp ýazylmagynyň öz sebäbi bar. Ol “kafeniň” döwlete hiç bir degişli ýeri ýok diýse-de bolýar. Bu “internet kafesi” diýilýän zat, aslynda, Tagtabazar etrap häkimliginiň öňünde ýerleşýän, 1941-45 ýýl urşuna bagyşlanan ýadygärlikler parky bolan açyk meýdan.

Parkyň daşyny Magtymguly şaýoly gurşaýanlygy we şäherçäniň merkezinde ýerleşýändigi sebäpli ol ýere il arasynda “pýataçok” (“aýtymjyk”) diýýärler. Esasanam ol ýere gelýänler ýaşlar.

Ýaşlaryň ol ýere gelmeginiň sebäbi hem Tagtabazar etrabynyň häkimliginiň öňünde ýerleşýän ýekeje “Altyn asyr” antennasy aňyrsy bärsi 100-200 metr aralagyna internet tolkunlaryny paýlaýar.

Antennanyň internet tolkunlaryny diňe 100-200 metr radiusya paýlamagy internet ulanyan ýaşlaryň aglabasyna internetden mahrum bolmak ýaly kyn ýagdaýy döredýär, şonuň üçin olar şäherçäniň we ýakyn obalaryň her ýerinden “pýataçoga” toplanýarlar.

Ýerli ýaşlaryň garaýşy

Ol ýerdäki internet ýönekeý bir mobil internedi we onuň tizligi 50kb/s geçmeýär. Tagtabazar şäherçesinden 5 km uzaklykda ýerleşýän Baýraç daýhan birleşiginden gelen 19 ýaşlaryndaky Daýanç internet muşdaklarynyň biri.

Ol internedi ýaňy öwrenip başlanam bolsa, eýýäm sosial ulgamlarda öz dogany bilen gürleşip bilýändigini aýdýar. Onuň dogany daşary ýurtda okaýan talyp. Zerur habary ol internetden ýazýar diýip, Daýanç gürrüň berýär. Daýanjyň aýtmagyna görä, bu ýere ol hepdede üç gün gelýär. Eger obasynda internet bolan bolsa, özlerine has aňsat boljakdygyny aýtdy.

Tagtabazar etrabynda internet öň ýokdy. Ýöne internet açylandan soň, ol ýaşlaryň durmuşyna ep-esli täsirini ýetirdi. Ýaşlaryň arasynda esasanam “mail agent”,“moý mir”, “odnoklassniki”, “mobimeet” ýaly sosial ulgamlar meşhur.

Sosial ulgamlarynda ýaşlar öňden bile ýaşap, soňra göçüp giden goňşulary bilen, ýa-da bolmasa, daşary ýurtlarda okaýan dogan-garyndaşlary bilen arzanjak habarlaşýarlar. Internet ulanyjylaryň aýtmagyna görä, internediň üsti bilen täze tanyşlyk açyp, durmuş gurýanlar-da bar.

“Internediň tolkuny tomusda-da Tagtabazar şäherçesiniň hemme ýerine ýetýärdi. Ýöne soň birden kesildi” diýip, internet ulanyjy Daýanç aýdýar.

Umuman aydylanda, ilat Türkmenistandaky internediň umumy ýagdaýyndan razy däl. Ýöne Tagtabazar etrabyndaky ildeşlerimiz üçin bu ýagdaý iki esse kyn. Bu kynçylygyň gerimi soňky döwürlerde Tagtabazar etrabynda ýygy-ýygydan kesilýän elektrik togy sebäpli hasam ulalyar.

Tog kesilse, raýatlaryň internedi bilen bir hatarda telefonlary-da işlemeýär.
Türkmenistanda internediň henize çenli o diýen ornaşmandygyny aýtsa bolar, hatda döwlet edaralarynda işleýänleriň käbirleriniň aýdanlaryndan çen tutulsa, olar internedi diňe hasabatlaryny ugratmak üçin ulanýarlar. Galan wagt olar ulananoklar, çünki olara ulanmaga rugsat berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG