Sepleriň elýeterliligi

2012-nji ýyl owgan armiýasy üçin iň uly ýitgili ýyl boldy


Owganystanyň resmileri 2012-nji ýylyň bu ýurduň armiýasy üçin soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iň uly ýitgili ýyl bolandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary general Zahir Azimi 2001-nji ýylda bu ýurtda amerikan güýçleriniň harby operasiýalara başlaly bäri 2012-nji ýylyň iň uly ýitgili ýyl bolandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, 2012-nji ýylda owgan harbylaryndan 1 müň 56-sy öldürilipdir.

NATO güýçleriniň Owganystandan çykyp başlamagy bilen, Owganystanyň öz milli armiýasy häzirki wagt bu ýurduň howpsuzlyk meseleleriniň 75 prosentini öz üstüne alýar.

Ýöne 2013-nji ýylda Owganystandaky howpsuzlyk we gorag meseleleri tutuşlygyna ýurduň milli armiýasynyň garamagyna geçer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG