Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky dürli partlamalarda azyndan 10 adam öldi


Duşenbe güni Yragyň dürli regionlarynda amala aşyrylan partlamalarda azyndan 10 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Bagdadyň günortasyndaky Mussaýab şäherçesinde amala aşyrylan bir partlamada bir maşgaladan ýedi adamyň ölendigi habar berilýär.

Ýerli resmiler bu maşgalanyň nyşana alynmagynyň sebäbini olaryň şaýy mezhebine degişlidigi bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Şular ýaly partlamalar Yragyň Hilla we Kirkuk şäherlerinde-de amala aşyryldy. Bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG