Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň dürli regionlarynda täze ýyl garşy alynýar


Dünýäniň dürli regionynyň ýaşaýjylary duşenbe güni täze ýyly dürli wagt aralygynda garşy alýarlar.

Duşenbe güni Merkezi Ýewropa wagty bilen gündiz sagat 11:00-de täze ýyly ilkinji bolup Ýuwaş okeanyň günorta böleginde ýerleşýän Kiribati, Kristmas we Samoa adalarynyň ýaşaýjylary garşy aldylar.

Merkezi Ýewropa wagty bilen gündiz sagat 12:00-de bolsa Täze Zelandiýa adasynda täze ýyl garşy alyndy. Şonuň yzýany bilenem Awstraliýanyň kenar şäheri bolan Sidneý şäherinde täze ýyl salýutlary atyldy.

Şeýle uly gerimdäki täze ýyl salýutlary duşenbe güni Braziliýanyň Rio de Janeýro şäherinde, Hytaýyň paýtagty Pekinde, Orsýetiň paýtagty Moskwada, Dubaýyň Burj Halifa binasynda we dünýäniň köpsanly beýleki uly şäherlerinde-de gurnalar.
XS
SM
MD
LG