Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela: Prezident Çaweziň saglyk ýagdaýyna alada bildirilýär


Wenesuelanyň wise-prezidenti Nikolas Maduro ýurduň prezidenti Hugo Çaweze Kubada edilen operasiýadan soň onuň saglyk ýagdaýynyň birneme çylşyrymlaşandygyny aýdyp, telewideniýede beýanat etdi.

Wise-prezident Nikolas Maduro bu barada Kubada saparda ýören ýerinden çykyş ätdi. Ol prezident Çawezin saglyk ýagdaýynyň ynjykdygyny aýtsa-da, bu barada anyk maglumat bermedi.

Soňky wagtlar Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez özünde ýüze çykarylan rak keseli bilen baglanyşykly Kubanyň keselhanasynda birnäçe gezek bejergi alypdy.
XS
SM
MD
LG