Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton gan goýalmak sebäpli keselhana düşdi


Ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň gan goýalmak nähoşlugy sebäpli keselhana düşendigi habar berilýär.

Dekabr aýynyň başynda ol aşgazan infeksiýasyndan ejir çekipdi we şol döwürde-de huşundan gidip ýykylanda, beýni sargynyny başdan geçiripdi.

Hillari Klintonyň metbugat sekretary Filip Reýnes hanym Klintonyň ýekşenbe güni klinikada barlagdan geçende, lukmanlaryň onuň ganynda goýalmak problemasynyň bardygyny anyklandyklaryny aýtdy.

Filip Reýnes Hillari Klintonyň azyndan ýene iki günläp keselhanada boljakdygyny we şu döwrüň içinde oňa has uzak bejergi bermelimi ýa däldigi barada lukmanlaryň belli bir karara geljekdiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG