Sepleriň elýeterliligi

Obama daşary ýurtlarda gözegçilige rugsat beriji karara gol çekdi


Täze ýylyň bosagasynda, ýekşenbe güni Birleşen Ştatalaryň prezidenti Barak Obama ýurduň hökümetine daşary ýurtlaryň raýatlaryny gözegçilige almaklyga rugsat beriji kanunyň güýjüni ýene bäş ýyl uzaltmak baradaky karary gol çekdi.

Bu kanun Birleşen Ştatlaryň hökümetine daşary ýurt agentleridir ýa-da terror işlerine dahyllydyr diýlip güman edilýän islendik daşary ýurt raýatynyň daşary ýurtlardaky telefon gürrüňdeşliklerine we hat alyşmalaryna suduň rugsady bolmazdan hem gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

“Daşary ýurt razwedka gözegçilik akty” diýlip atlandyrylýan bu kanun Birleşen Ştatlaryň öz raýatlaryna gözegçilik etmekligi öz içine almaýar. Munuň üçin ABŞ-nyň hökümeti 11 sudýadan ybarat sud kollegiýasynyň rugsadyny almaly.
XS
SM
MD
LG