Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky inwestisiýanyň geljegi sorag astynda


Kabulyň eteginde alnyp barylýan uly gurluşyk proýektlerinden biri. Kabul, noýabr, 2012.
Kabulyň eteginde alnyp barylýan uly gurluşyk proýektlerinden biri. Kabul, noýabr, 2012.
2013-nji ýylda daşary ýurt harby güýçleriniň aglaba bölegi Owganystany terk eder. Bu bolsa bu ýurtdan inwestisiýa serişdeleriniň-de çykjakdygyny aňladýar.

Owganystanyň Maliýe ministrligi daşary ýurt inwestisiýalaryny saklamak ugrunda edýän tagallalarynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň we biznesmenleriniň işleriniň howpsuzlygyna kepil geçýän täze bir dokument kabul etdi.

Ministrligiň kabul eden bu täze taslamasyna 2013-nji ýylyň fewralynda parlamentde garalar. Maliýe ministrliginiň işläp düzen bu taslamasynda geljek iki ýylyň dowamynda Owganystanda maýa ýatyrjak kompaniýalaryň saldamly derejede salgydyny azaltmaklyga hem-de olaryň örän arzan bahadan ýer satyn almaklaryna hukuk bermeklige kepil geçilýär.

Kabulyň köçelerinde energiýa içgisini satýan söwdegärler. Dekabr, 2012.
Kabulyň köçelerinde energiýa içgisini satýan söwdegärler. Dekabr, 2012.
Owganystanyň maliýe ministriniň maslahatçysy Najibullah Manalaý maýa ýatyrylmagyna iň bir zerurlyk duýulýan pudaklaryň esasan senagat önümçiligi, magdan we oba hojalyk pudaklarydygyny aýdýar.

Owganystanyň Milli bankynyň maglumatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda bu ýurtdaky 4.6 milliard dollarlyk daşary ýurt maýa ýatyrymlary ýurtdan çykarylypdyr.

Bu tendensiýa 2014-nji ýylda NATO-nyň harby güýçleri Owganystany doly terk edenlerinden soň ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşar we korrupsiýa has-da öser diýen ätiýaçlyklar bilen baglanyşdyrylýar.

Umytlar bar, emma...

Maliýe ministriniň maslahatçysy Najibullah Manalaý NATO-nyň güýçleriniň Owganystandan gitmegi ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir eder diýip garaşmaýandygyny aýdýar. Ýöne, şeýle-de bolsa, ol häzirki kabul edilen taslamanyň bolaýmagy mümkin ykdysady täsirleri mümkin boldugyndan azaltmak makdasyndan ugur alýandygyny boýun aldy.

Emma Maliýe ministrliginiň optimistik garaýyşlaryna garamazdan, käbir synçylar we syýasatçylar ministrligiň hödürleýän ýeňillikleriniň daşary ýurt inwestisiýalaryny saklamak üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Owganystanyň Söwda we senagat palatasynyň agzasy Azarakş Hafizi: “Owganystanda inwestorlary gorkuzýan iki sany zat bar. Ol korrupsiýa bilen howpsuzlyk. Kadaly işlemek we howpsuzlygyny goramak üçin yzygiderli para berilmeli bolanda, inwestorlar üçin bu örän köp çykdaja durýar” diýip, ýagdaýy düşündirýär.

Korrupsiýa meselelerine baha berýän “Transparency International” guramasynyň hasabatynda Owganystan dünýäde iň bir korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda durýar.

Howpsuzlyk meselesinde-de, Owganystanyň hökümeti şu çaka çenli hat-da iň bir abraýly daşary ýurt inwestorlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde-de çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.
XS
SM
MD
LG