Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamalarda azyndan 22 adam öldi


Duşenbe güni Yragyň dürli regionlarynda amala aşyrylan partlamalarda azyndan 22 adam ölüp, onlarçasy hem ýaralandy.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, Yragyň günorta, demirgazyk we merkezi sebitlerinde 15 töweregi partlama amala aşyrylypdyr.

Bagdadyň günortasyndaky Mussaýab şäherçesinde amala aşyrylan bir partlamada bir maşgaladan ýedi adamyň ölendigi habar berilýär.

Ýerli resmiler bu maşgalanyň nyşana alynmagynyň sebäbini olaryň şaýy mezhebine degişlidigi bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Yragyň Kirkuk şäherinde hem, dört polisiýa işgäri bomba partlamasy sebäpli heläk boldy.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG