Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde protest wagty ençeme aktiwist tussag edildi


Orsýetde polisiýa belli oppozisiýa wekilini we başga-da onlarça aktiwisti tussag etdi. Duşenbe güni Moskwa we Sankt Peterburg şäherlerinde demonstrantlar rugsat berilmedik protest çärelerini geçiripdiler.

“Başga Orsýet” oppozisiýa hereketiniň başlygy Eduard Limonow, Moskwanyň “Triumfalnaýa” meýdançasynda çykyş edip duran mahaly, polisiýa tarapyndan tussag edildi. Aktiwistleriň sözlerine görä, polisiýa başga-da azyndan 28 adamy saklapdyr.

Demonstrantlar özleriniň ýygnanmaga bolan hukugyny talap edip, protest geçiripdiler. “Strategiýa 31” hereketi her aýyň soňky güni protest geçirmäge çagyrýar. Olar hökümetiň adamlaryň erkin ýygnanmak hukukyny bozýandygyny öňe sürüp, şeýle çagyryşy edýärler.

Orsýetiň konstitusiýasynyň 31-nji maddasynda adamlaryň erkin ýygnanmagy göz öňünde tutulan hem bolsa, oppozisiýasynyň bellemegine görä, resmiler “mejbury hasaba aldyrmak” bilen, bu haky çäklendirýärler.
XS
SM
MD
LG